Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

  • 25.02.2026 16:29
  • 7.6k+

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda ministr Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygynda Ýewropanyň demir ýol ulaglary Maýa goýum bankynyň (EIB) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň esasy maksady ýurduň demir ýol infrastrukturasyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýük daşamak amallarynyň açyklygyny üpjün etmek hem-de infrastruktura baglanyşygynyň we tranzit mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin sanly demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Maýa Goýum Bankyndan maliýe serişdelerini çekmegiň, şol sanda wagonyň, teplowozlaryň we aragatnaşyk bölekleriniň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin karz serişdeleriniň mümkinçilikleri, ýük daşamak kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin EIB-den karz almak mümkinçilikleri öwrenildi.
Maslahatlaşylan möhüm taslamalaryň hatarynda bar bolan Aşgabat — Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meselesi uly orun eýeledi. Bu ugurda taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TES) taýýarlamak üçin grant serişdelerini bölüp bermek we gurluşyk işlerine tehniki kömek bermek boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......