7k+

Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisini çalyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Baýram Akmyradowiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda Permana gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň degişli karary bilen, Baýram Akmyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi...

7.5k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisini belledi

3-nji oktýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda wezip üýtgeşmelerini geçirdi. Gol çekilen resminamalara laýyklykda, Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi...

3.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär...

3.1k+

Rumyniýada geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti bellenildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi. Maslahat Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

2.7k+

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

2.2k+

Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar...

7.7k+

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy...

6.2k+

Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy

15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi...

5.5k+

Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy

14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen boldy...

8.9k+

Raşid Meredow Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

14-nji sentýabrda Dohada Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň paýtagtynda duşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen adatdan daşary arap-yslam sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde geçirildi diýip, Orient habar berýär...

1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde garaýyşlaryny beýan etdi

11-nji sentýabrda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ara alyp maslahatlaşma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi...

2k+

Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-nde habar bermeklerine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

13k+

Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenb güni Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgaryp, beýanat bilen çykyş etdi. Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar...

1.9k+

Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar...