Russiýanyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi

  • 23.01.2026 20:55
  • 2.7k+

22-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň ýokary derejeli geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeler 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň ilçisi E.Aýdogdyýew öz çykyşynda geçen ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň durnuklylygy, ynamy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen amaly häsiýetli garaýyşlary we teklipleri goldaýandygy, bu garaýyşlaryň we teklipleriň deňhukuklylygy hem-de gatnaşyjylaryň milli bähbitlerini nazara almagyň möhümdigini göz öňünde tutýandygy aýratyn nygtaldy.
Taraplar Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitiniň netijelerini durmuşa geçirmegiň mümkin bolan ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň alty döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki hökümet guramalarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirmek arkaly hem mümkindigi bellenildi.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......