Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

  • 24.01.2026 04:08
  • 2.1k+

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Onuň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi bu «Ýol kartasynyň» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyny hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip edýär.
“Ýol kartasynyň” çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, resminamada milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak bilen bagly döwlet edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işler alnyp barlar. Mundan başga-da, has giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýadyny döretmek meýilleşdirilýär.
Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasaty we amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleridir bilermenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmek teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasatynda ýurdumyz bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......