Çad Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

  • 22.01.2026 11:24
  • 1.5k+

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Çad Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem diplomat  Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň işi bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Çad Respublikasynyň ilçisi döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygy barada ynandyrdy.
Şol gün ilçisi Mahamud Adam Beşir şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......