Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 10.02.2026 17:52
  • 3k+

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Tailandyň Daşary işler ministrliginiň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Tailand tarapy täze bellenilen Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady. Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini nygtady hem-de iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň netijesi boýunça Aşgabat we Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşyk gazanyldy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......