Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 28.02.2026 19:21
  • 5.3k+

27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtady. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary täze hile eýe boldy.

Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm sütünleri hökmünde ykrar edildi, bu bolsa sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmäge hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlary goldamaga ýardam berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ulag-logistika gatnaşyklaryny berkitmek, multimodal geçelgeleri giňeltmek we serhetara amallary ýeňilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu bolsa haryt dolanyşygynyň ösmegine amatly şert döredýär.

Şeýle hem taraplar medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Bilelikdäki çäreler, döredijilik alşygy we bilim başlangyçlary halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady we ýurtlaryň arasyndaky konstruktiw gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.


18.06.2026 09:55
839

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....