Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

  • 09.03.2026 14:53
  • 2.6k+

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tarapy Yrak Respublikasynyň Aşgabatda öz diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky kararyna minnetdarlyk bildirip, Ilçihananyň doly derejede işlemegi üçin ähli zerur goldawyň beriljekdigini tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda täze Ilçihananyň açylmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä götermäge hyzmat etjekdigi bellenildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda 2025-nji ýylyň oktýabrynda Bagdatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtalyp, işewürlik, ylym, bilim we sport ulgamlarynda täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2009-njy ýyldan bäri ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň çäklerinde iki dostlukly ýurduň halkara giňişliginde hem biri-birini işjeň goldaýandygy aýratyn bellenildi. Bu diplomatik ädim Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýete eýedir.


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

02.06.2026 07:40
5.4k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......