Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

  • şu gün 07:40
  • 826

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň diňe birindäki çig nebitiň gorlary 8,8 milliard barrelden gowrakdyr.

Bu täze tapyndy soňky ýyllarda ýurduň energetika ulgamynda bolup geçen iň ähmiýetli waka boldy. Nejef sebiti uglewodorod serişdelerini gözlemek we anyklamak nukdaýnazaryndan iň gelejegi uly ýerleriň biri hasaplanýar.

«Shams-11» diýlip atlandyrylýan gözleg guýusynyň burawlanmagy netijesinde bu ýerde ýeňil nebitiň bardygy subut edildi. Guýynyň ilkinji günlerdäki önümçiligi gije-gündizde 3248 barrele deň boldy.

Täze nebit ýatagy baradaky habar Ýragyň nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen Hytaýyň ZhenHua Oil nebit kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen resmi duşuşygyň dowamynda aýan edildi.


düýn 07:34
6.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:10
7k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
8.4k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

30.05.2026 13:39
1.4k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....