Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 22.01.2026 11:16
  • 750

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşygyň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny bellediler.
Parlamentara gepleşikleriň derejesiniň, şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünde durlup geçildi.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny bildirdiler hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-hindi toparynyň işiniň möhümdigini nygtadylar.
Mundan başga-da, taraplar energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlardaky häzirki we geljekki taslamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......