Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi

  • 05.03.2026 11:48
  • 14k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýändigi nygtalýar.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen-eýran serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty tertipde işlemegini dowam etdirýär.

2026-njy ýylyň 4-nji martyna çenli ýagdaýa görä goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adam girdi. Serhetden geçenler dünýäniň 16 ýurdundan, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerinden, Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Finlýandiýadan, Şwesiýadan, Niderlandlardan, Germaniýadan, Türkiýeden we Saud Arabystanyndan bolan raýatlardyr. 


düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......