Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny guramak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

  • 22.01.2026 14:44
  • 1.2k+

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygy guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlyk mehanizmlerini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.
Diplomatlar bilim we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......