Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 16.01.2026 21:46
  • 2.2k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler.
Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ynsanperwer häsiýeti nygtaldy.


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......