Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

  • 18.02.2026 12:46
  • 3.7k+

Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynyň teksti resmi türkmen metbugatynda neşir edildi.
Döwlet Baştutany öz gutlagynda türkmen diplomatlarynyň öňünde ýurduň abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze wezipeleriň durandygyny belledi.

«Siziň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn».
Prezident öz ýüzlenmesinde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini we ýurduň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny nygtady. Esasanam, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň hem-de 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky täze başlangyçlaryň ählumumy durnuklylyk üçin ähmiýeti bellenildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna durmuşa geçirýäris».
Döwlet Baştutany energetika, ulag-aragatnaşyk we «ýaşyl» ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlarda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýurduň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýändigine ünsi çekdi.
Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen diplomatlaryna jan saglyk, abadançylyk, döwletiň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......