Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi

  • 21.02.2026 16:01
  • 1.6k+

20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi. 
«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly bu çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň  hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerine iberen Gutlagy diňlenildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitro Şlapacenko, şeýle-de birnäçe dostlukly döwletleriň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler.
Şanly sene mynasybetli diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýylynyň tapawutlanan talyplaryna dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşuryldy.
Maslahatyň çäklerinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykdaky atçylyk mowzugynda ýörite sergi guraldy.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......