Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 06.03.2026 11:53
  • 1k+

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşdy. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginini belläp, halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Ýakyn Gündogardaky ýagdaý boýunça pikir alyşdy. Koreýaly diplomat Eýrandan gelýän Koreýa Respublikasynyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmekde beren ýardamy üçin türkmen tarapyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Duşuşykda ýokary derejedäki meýilleşdirilýän saparlara taýýarlyk görmegiň, şeýle hem syýasy we konsullyk geňeşmelerini geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......