Türkmenistanyň ilçisi Täze Zelandiýanyň Waýtangi gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy

  • 07.02.2026 13:14
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýanyň her ýylyň 6-njy fewralynda bellenilýän milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli geçirilen resmi çärelere gatnaşdy.
Iş saparynyň çäklerinde ilçi ýurduň ýokary wezipeli döwlet resmi wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň esasy mazmuny türkmen-täze zeland gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekden ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kira bilen geçirilen duşuşykda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan milli baýram mynasybetli gutlaglary ýetirdi. Şeýle hem oňa özüne amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylyk gowşuryldy.
Saparyň dowamynda ilçi A. Baýramow daşary işler ministri Winston Piters, söwda we maýa goýum ministri H. Todd Makkleý, şeýle hem Täze Zelandiýanyň parlamentiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ykdysady gatnaşyklar boýunça hökümetara toparlary döretmäge we özara saparlary guramaga taýýardyklaryny nygtady.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......