Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

  • 21.01.2026 18:53
  • 1.4k+

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Syýasy-diplomatik gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary we saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar hünär bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem aýratyn üns berdiler.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......