Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 17.02.2026 19:12
  • 1.2k+

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Rolliansýah Soemiratyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmen tarapy diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işlerinde oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da, halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesiniň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.


düýn 22:17
1.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......