Türkmenistan we FAO 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny maslahatlaşdylar

  • 22.01.2026 14:49
  • 1.6k+

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy FAO bilen amaly hyzmatdaşlygy, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek arkaly mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
2025-nji ýylda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygy, şeýle hem FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça bilelikdäki sebitleýin maslahatlarynyň geçirilmeginiň ýurtlaryň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny bellediler.
Duşuşykda durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary nygtaldy.
Soňra Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň arasynda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......