Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler

  • 16.01.2026 21:53
  • 1.6k+

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N.Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B.Arazow, Ermenistanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy, Türkmenistanda we Ermenistanda ykdysadyýeti ösdürmek, işewürligi alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döredilýän mümkinçilikler barada habar berdiler.
Soňra işewürlik duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi alyp barmak hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada tanyşdyryş dabaralary görkezildi.
Türkmen-ermeni işewürlik duşuşygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda türkmen we ermeni kompaniýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......