Türkmenistanyň DIM-nde UNESCAP bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 23.01.2026 11:36
  • 951

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, durnukly ösüş, ulag we energetika, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, şeýle hem SPECA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň netijelerine oňyn baha berdi.
Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) we degişli forumlarynyň işine işjeň gatnaşmaga ygrarlydygy bellenildi. Duşuşykda sanlylaşdyrma, kagyzsyz söwdany ösdürmek, «Bir penjire» ýörelgesini ornaşdyrmak, şeýle hem UNESCAP-yň institutlary bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......