Raşid Meredow Awstriýanyň federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi

  • 19.01.2026 23:42
  • 1.6k+

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ählumumy parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns berildi.
Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet tarapyndan üns berilýändigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine öz hoşallygyny beýan etdi hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......