Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz ykjam goşundysyny işe girizdi

  • 17.02.2026 19:11
  • 5.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň daşary syýasaty baradaky möhüm maglumatlara dessin elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen smartfonlar üçin resmi ykjam goşundysyny hödürledi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Bu hyzmat ulanyjylara gündelik täzelikler akymyny, ministrligiň işi baradaky giňişleýin maglumatlary, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyklarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň alyp barýan işleri barada maglumatlary hödürleýär.
Goşundynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem konsullyk hyzmatlaryny almak üçin onlaýn nobata durmak mümkinçiligidir. Bu bolsa raýatlaryň ministrlik bilen özara gatnaşygyny ep-esli ýönekeýleşdirýär. Ykjam kömekçi türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli bolup, resmi maglumatlaryň bir merkezde jemlenmegini üpjün edýär.
Goşundy eýýäm Google Play we App Store dükanlarynda mugt göçürip almak üçin elýeterlidir.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......