Dmitriý Şlapaçenko we Narine Saakýan Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglandy

  • 11.02.2026 12:45
  • 3.3k+

10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Halkara guramalarynyň wekillerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt raýatlaryny ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Permanyny okady we dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurdy.
Bu ýokary sylaglara Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan mynasyp boldy.
Dabarada çykyş edip, ministr Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli diplomatik tagallalary netijesinde halkara ykrarnamasyna eýe bolandygyny belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi hem-de dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýandygy nygtaldy. Daşary ýurt raýatlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmäge goşan goşantlary aýratyn bellenildi.


şu gün 11:28
278

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
793

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....