Türkmenistanyň Prezidenti protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady

  • 17.01.2026 09:02
  • 9.6k+

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli resmi saparlar, iri halkara forumlar, döwlet we Hökümet derejesinde köptaraplaýyn duşuşyklar guralýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan daşary ýurtlarda geçirilýän şeýle çärelere işjeň gatnaşýar. Bularyň ählisi halkara standartlara, diplomatik protokol tejribesine laýyk gelýän ýokary derejeli guramaçylyk we protokol üpjünçiligini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri “Diplomatik gulluk hakynda”, “Döwlet protokoly hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda protokol işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.
Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň ýaş işgärleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde hereket edýän «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri teklip edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň protokol gullugy işgärlerini özara tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlarda guralýan okuwlara ibermek, şonuň ýaly-da, bu ugurdaky hünärmenleri gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin ýurdumyza çagyrmak teklip edildi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 13:44
1.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....