Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 17.02.2026 20:43
  • 2.1k+

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýyldaky özara gatnaşyklaryň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Brifinge daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ÝB-niň institutlarynyň agzalary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň depginli häsiýete eýedigini belledi.
Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň, «ÝB – Merkezi Aziýa» Sammitiniň hem-de ýokary derejeli duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem «Global Gateway» başlangyjynyň we Bilelikdäki Ýol kartasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän sanlylaşdyrma, ulag, daşky gurşawy goramak we hususy pudagy goldamak boýunça 30-a golaý sebitleýin we ikitaraplaýyn taslamalar durmuşa geçirilýär.
Brifingde şu ýylyň dowamynda parlamentara dialog, Adam hukuklary boýunça dialog, «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň mejlisi hem-de «ÝB – Merkezi Aziýa» ministrler duşuşygy ýaly möhüm çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Brifingiň ahyrynda taraplar Hazarüsti ugruny ösdürmek, bilim we ylym ulgamynda, şol sanda «DARYA» we «Horizon Europe» maksatnamalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň amaly mazmunyny giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......