Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 23.01.2026 11:22
  • 917

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNECE bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, ulag-üstaşyr özara baglanyşyklylygy we sebit integrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy UNECE-niň mandatyna ygrarlydygyny tassyklap, Komissiýanyň BMG-niň ählumumy çözgütlerini sebit derejesinde durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen UNECE-niň 71-nji sessiýasyna ýokary derejede gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda durnukly energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem durnukly we howpsuz ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleriniň, hem-de 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda UNECE esasy sebit hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garalýar.


şu gün 11:28
242

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
654

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....