Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görlüp başlandy

  • 19.02.2026 14:49
  • 3.3k+

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşykda şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumyny öz içine alýar. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenip geçilişi ýaly, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürüldi. Bu başlangyç halkara hukugyny ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde berkitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy-hukuk guraly hökmündäki mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Taýýarlyk meýilnamasynyň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek, bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, halkara we ikitaraplaýyn çäreleri guramak, şeýle hem ýaşlaryň ylmy taslamalaryny goldamak göz öňünde tutulýar. Maglumat taýdan üpjünçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet sahypasynda ýöriteleşdirilen bölüm dörediler hem-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin düşündiriş işleri alnyp barlar.
Maslahatyň jemleri boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň bu ugurdaky işjeň utgaşykly hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......