4.3k+

Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady...

8k+

Nar we hoz goşundysy immun öýjükleriniñ 28 günde «ýaşarmagyna'" ýardam edýär - barlaglar

Halkara alymlar topary Urolithin A metabolitiniň bary-ýogy 28 günde immun ulgamynyň öýjükleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Nature Aging žurnalynda çap edilen barlaga görä, günüň dowamynda 1 000 mg bu maddany kabul etmeklik CD8+ T-öýjükleriniň profilini has «ýaş» görnüşe getirýär we öýjükleriň «energiýa stansiýalary» bolan mitohondriýalaryň işini güýçlendirýär...

6.1k+

Dünýädäki hroniki böwrek keselli adamlaryň sany 35 ýylda iki esse artdy

Halkara alymlar toparynyň anyklamagyna görä, 1990-njy ýyldan bäri hroniki böwrek kesellerinden  ejir çekýän uly ýaşly adamlaryñ  sany iki esse artdy we 788 milliona ýetdi. Häzirki wagtda bu kesel dünýäde iň köp adam pidasyna sebäp bolýan keselleriň hatarynda dokuzynjy orny eýeleýär...

6.1k+

“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler

15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir...

9.7k+

Aktrýor Jessi Aýzenberg ýat adama böwregini mugt berer

Amerikaly režissýor we aktýor, “Sosial tor” («Социальная сеть») hem-de “Ýalanyň boş hyýaly” («Иллюзия обмана») filmleriniň ýyldyzy Jessi Aýzenberg näbelli adama böwregini sowgat etjekdigini aýtdy. Bu barada ol NBC teleýaýlymynyň irdenki şüweleň gepleşiginde, “Ýalanyň boş hyýaly 3”  filmindäki kärdeşleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi...

2.1k+

Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi

Russiýada ilkinji gezek duýgurlygy boýunça PZR bilen deňeşdirip bolýan B gepatitini anyklaýan çalt test resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada Rospotrebnadzor (RF) habar berdi. Bu synag Rospotrebnadzoryň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan LAMP (Loop mediated isothermal amplification) tehnologiýasy esasynda işlendi...

4k+

Täze göz implanty görüş ukybyny ýitiren adamlara gaýtadan görmäge kömek etdi

Alymlar kiçi bir göz implantyny ulanyp, ýaş makulýar degenerasiýasy (ÝMD) sebäpli görüş ukybyny ýitiren adamlaryň görşüni dikeltdiler. Enjamyň ölçegi 2×2 mm we galyňlygy 30 mikrometr bolup, operatiw ýol bilen gözüň torly perdesiniň astyna ýerleşdirilýär we ýitirilýän ýagtylyk duýgur öýjükleriniň ornuny tutýar...

4.3k+

Ýaş alymlar rak keseline garşy "Troýan şekeri" bolan dermany döretdiler

Russiýanyň MIREA tehnologik uniwersitetiniň hünärmenleri rak keseline garşy täze fotodinamik bejergi usulynda şekeri peýdalandylar. Täze taýýarlanan derman serişdesindäki glýukoza molekulalary rak öýjüklerini aldap, olary derman serişdelerini has işjeň siňdirmäge mejbur edýär diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy TASS-a habar berdi...

1.6k+

Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy

Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy. Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni alyp barşyny seljerer ýaly sazlady...

3k+

Täze doglan çagalarda diabetiň täze görnüşi anyklandy

Alymlar täze doglan çagalarda diabetiň öň mälim bolmadyk görnüşini ýüze çykardylar. Ol TMEM167A atly geniň mutasiýasy bilen baglydyr. Journal of Clinical Investigation (JCI) žurnalynyň habaryna görä, bu mutasiýa insulin öndürýän aşgazanasty mäziniň β- öýjükleriniň işini bozýar we olaryň heläk bolmagyna getirýär...

10k+

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar...

8.7k+

“Gap Inşaat” kompaniýasy Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahana gurar

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi...