Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

  • 16.11.2025 16:17
  • 4.3k+

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär.

Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady. Şanhaýda geçirilen barlaglaryň maglumatlaryna görä, prosianidin C1 syçanlaryň ömrüni umumylykda 9,4%, ömrüniň belli bir döwründe bejergä başlananda 64,2% ýokarlandyrdy.
Üzüm dänesiniň peýdalydygy ylma köpden bäri mälim: onuň ýagy kosmetikada, şol sanda derä ideg etmekde we garramagy haýallatmakda ulanylýar. Lonvi Biosciences önüminde zombi diýilýän öýjükleri - stres ýa-da zeper ýetme sebäpli bölünmek ukybyny ýitiren garry öýjükleri ýok edip biljek “izolirlenen molekulalaryň” bardygyny öňe sürýär. Bu öýjükler bedenden tebigy ýagdaýda çykmaýar we dokumalaryň çişmegine sebäp bolýar.

"150 ýaşamak belli bir derejede hakykata laýyk. Birnäçe ýyldan ol hakykata öwrüler" - diýip, kompaniýanyň baş tehniki işgäri Lýu Sinhua aýtdy.

NYT-nyň habaryna görä, Hytaýda uzak ömür sürmek boýunça edilýän iş, köplenç, aldawçylyk ýaly kabul edilýärdi. Indi döwlet we hususy maýa goýumlary, şeýle hem köpçüligiň gyzyklanmasynyň artmagy netijesinde bu ugur lukmançylygyň kanuny we käte girdejili pudagyna öwrülýär.
2024-nji ýylda Hytaýda ömrüň ortaça dowamlylygy 79 ýaşa ýetdi, bu dünýä boýunça görkezijiden bäş ýaş ýokarydyr.


düýn 07:25
4.3k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.4k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.2k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......