WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

  • 30.05.2026 19:41
  • 6.7k+

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň belli The Washington Post gazeti habar berýär.

Bu karar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň amerikan raýatlaryny Keniýanyň çägindäki wagtlaýyn lukmançylyk edarasyna ýerleşdirmek baradaky çykaran buýrugyna garşylyk hökmünde kabul edildi. Ak Tamyň ýolbaşçylary Keniýada bu wirusy ýokuşdyranlar we olar bilen galtaşykda bolan adamlar üçin ýörite bejeriş we karantin merkezini döretmegi meýilleşdiripdi.

Gazetiň berýän maglumatyna görä, Keniýanyň kazyýeti bu karary amerikan häkimiýetleriniň şeýle desganyň işe başlandygyny yglan eden gününde çykardy. Gurlan meýdan gospitaly Kongo Demokratik Respublikasynda dowam edýän Ebola epidemiýasynyň barşynda wirusa sezewar bolan 50 adama çenli hassany kabul etmek üçin niýetlenipdi.

Bu çäre Amerikanyň hökümetiniň meýilnamasynda wirus ýokma ähtimallygy bolan raýatlaryň yzyna, ýagny ABŞ-nyň öz çägine dolanmak we keseli ýurduň içine ýaýratmak töwekgelçiligini azaltmak üçin amala aşyrylypdy. Ýöne, görnüşi ýaly, Keniýa-da öz halkynyň saglygyny we howpsuzlygyny öňe sürüp, muňa rugsat bermedi.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......