Gök çaý semizlik we süýjüli diabet bilen göreşmäge kömek edýär — ylmy barlag

  • 28.10.2025 10:25
  • 5.4k+

Gök çaý artykmaç agram we süýji keseli (diýabet) bilen göreşmekde peýdaly bolup biler. Braziliýanyň «Kruzeýru-du-Sul» uniwersitetinden professor Rozmari Ottonyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary şeýle netijä geldi.

Alymlar ýokary kaloriýaly, “fastfud” görnüşli iýmit bilen iýmitlendirilen syçanlarda tejribe geçirdiler. Iýmitine gök çaýyň ekstrakty goşulan haýwanlar agramyny azaltdy we şekeri has gowy özleşdirdi.
Içginiň düzümindäki maddalar semizlik wagtynda ýüze çykýan myşsa süňňüleriniň bozulmagynyň öňüni alýar we glýukozanyň energiýa öwrülmegini işjeňleşdirýär diýip, barlagyň awtorlary belleýärler. Alymlar şeýle hem gök çaýyň bedendäki metabolizm — ýagny, maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýan genleriň işini güýçlendirýändigini anykladylar.
Hünärmenleriň pikiriçe, içginiň iň möhüm peýdasy onuň düzümindäki adi­ponektin atly belok bilen baglanyşyklydyr — bu belok organizmdäki ýangyny (inflammasiýany) peseldýär we metabolizmi kadalaşdyrmaga kömek edýär.
Barlagyň netijeleri Cell Biochemistry & Function atly ylmy žurnalda neşir edildi.


şu gün 12:08
3.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......