Aktrýor Jessi Aýzenberg ýat adama böwregini mugt berer

  • 06.11.2025 19:29
  • 9.7k+

Amerikaly režissýor we aktýor, “Sosial tor” («Социальная сеть») hem-de “Ýalanyň boş hyýaly” («Иллюзия обмана») filmleriniň ýyldyzy Jessi Aýzenberg näbelli adama böwregini sowgat etjekdigini aýtdy. Bu barada ol NBC teleýaýlymynyň irdenki şüweleň gepleşiginde, “Ýalanyň boş hyýaly 3”  filmindäki kärdeşleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Muny altruistik donorçylyk diýip atlandyrýarlar — şeýle amal ABŞ-da kanun taýdan rugsat berlen. 42 ýaşly Aýzenberg bu kararynyň köp ýyllap donor bolmak islegi bilen baglydygyny düşündirdi. On ýyl çemesi ozal ol organ donorçylygy bilen meşgullanýan gurama hat iberipdi, ýöne jogap almady. Ýakynda bolsa lukman zenan dosty bilen bu barada ýene maslahatlaşyp, onuň maslahaty bilen Nýu-Ýorkdaky Langone lukmançylyk merkezine ýüz tutdy. Şol ýerde oňa barlagdan geçmek teklip edilipdir.
Aýzenbergiň aýtmagyna görä, ol yzygiderli gan tabşyrýar we muny adamlara kömek etmegiň tebigy usuly hasaplaýar. Ol degşip:

«Mende şeýle bir gan köp, ony döküp durmasam bolmaýar!» — diýip aýdýar. Şeýle hem ol donor organlaryň adam durmuşyny halas etmäge kömek edýändigini nygtady.

Operasiýa dekabr aýynyň ortalarynda geçiriler. Aktýoryň pikiriçe, bu amal howpsuz hasaplanylýar, ýöne käbir töwekgelçilikler bar. ABŞ-da böwrek aýrylandan soň kynçylyklar 10 müň ýagdaýdan diňe birinde ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlarda gryža, gan akma ýa-da ýokançlyga degişli gaýra üzülmeler ýüze çykyp biler.
Operasiýadan soň galan bir böwrek ulalyp, iki böwregiň wezipesini ýerine ýetirýär. Barlaglaryň netijesine görä, donorlaryň ömrüniň dowamlylygy ortaça ýaşdan tapawutlanmaýar. Şeýle-de bolsa, aýallar üçin böwrek donorçylygy geljekde göwrelilik döwründe käbir kynçylyk howpuny ýokarlandyryp biler — lukmanlar muny göz öňünde tutmagy maslahat berýärler.
ABŞ-da sagdyn, uly ýaşly islendik adam donor bolup biler. Lukmançylyk merkezlerinde böwrekleriň, ýüregiň, aşgazanasty mäziniň ýagdaýy, şeýle hem ýokançlyklaryň we psihiki bozulmalaryň ýoklugy barlanýar.
Eger bir wagt aktýoryň garyndaşlarynyň birine böwrek gerek bolsa näme etmeli?
Ulgam şeýle gurlan: altruist donor bolan adamynyň garyndaşlarynyň biri transplantasiýa garaşýanlaryň sanawynda öňe geçiriler. Şeýle donor bu goragy bäş garyndaşyna çenli üpjün edip biler.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......