Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti talyplary biologiýa boýunça olimpiada çagyrýar

  • 01.11.2025 14:31
  • 4.6k+

20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça IV halkara internet-olimpiada geçirer.

Olimpiadanyň Guramaçylyk topary biologiýa bilen gyzyklanýan we bu dersi ýokary okuw mekdeplerinde öwrenýän talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Gatnaşjaklar üçin bellige alyş şu salgy boýunça 15-nji noýabra çenli açykdyr. Bellige alnan talyplara gatnaşmak üçin olimpiadanyň başlanmagyna bir gün galanda, olaryň görkezen elektron salgysyna login we parol ugradylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar üçin synag sowallary hem-de ýumuşlar ýerli wagt bilen sagat 12:00-da elýeterli bolar. Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli bölümleri boýunça taýýarlanyldy. Internet-olimpiadanyň dowamlylygy 150 minut bolar. 
Goşmaça maglumatlary uniwersitetiň saýtyndaky «Halkara olimpiada» diýen bölüminden, şeýle hem +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11; +993-65-68-25-42 telefon belgiler we tdlu.iolimp@gmail.com elektron salgy boýunça alyp bolar.   


19.06.2026 18:41
2.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
4.9k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......