Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler

  • 04.11.2025 19:53
  • 10k+

Grenlandiýa kitleri (Balaena mysticetus) ýer ýüzüniň iň uzak ýaşaýan haýwanlarynyň biri bolup, olaryň ömri 200 ýyldan gowrak dowam edip bilýär. Alymlar olaryň uzak ýaşamagynyň CIRPB diýlip atlandyrylýan ýörite belok bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar.

Bu belok kitleriň öýjüklerinde DNK-nyň dikeldilmegini güýçlendirýär we olaryň öýjükleriniň zaýalanmagyna ýol bermeýär. Belok suwuň sowuk temperaturasynda işjeňleşýär — kitler ýaşan ýerlerinde suw örän sowuk bolany üçin ol hemişe işjeň ýagdaýda bolýar.
Iňlis akademikleriniň geçiren barlaglarynda kitleriň öýjüklerinde rak öýjükleriniň emele gelmegi üçin az mukdarda mutasiýa ýeterlik bolýar.
Emma şol mutasiýalaryň döreme ähtimallygy adamdaky bilen deňeşdirilende has pes. Sebäbi CIRPB belogy DNK-ny tiz dikeldýär we öýjükleri zaýalanmadan goraýar.
Belok adam öýjüklerine laboratoriýa şertlerinde geçirilende DNK-nyň dikeldiş tizligi artdy, öýjükler has berkleşdi.
Alymlaryň aýtmagyna görä, CIRPB-iň adamda ulanylmagy entek anyk däl, ýöne DNK dikeldişiniň güýçlendirilmegi uzak ýaşamagyň we rakdan goranmagyň möhüm açarlarynyň biridir.
Barlagyň netijeleri Nature žurnalında çap edildi.


22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......