Alym tarakanlaryň we jaýlardaky allergenleriň arasyndaky baglanyşygy tapdylar

  • 16.11.2025 15:52
  • 3.2k+

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze gözlegi tarakanlaryň öýlerdäki howanyň hiline göni täsir edýändigini görkezdi. Mör-möjekler bolan jaýlarda allergenleriň we bakterial zäherleriň — endotoksinleriň derejesiniň ýokarlanýandygy anyklandy.

ScienceDaily neşiriniň habar bermegine görä, tarakanlara garşy üstünlikli göreşden soň, bu maddalaryň konsentrasiýasy ep-esli azalýar.
Endotoksinler bakteriýalar darganda emele gelýär we dürli-dürli iýmit bilen iýmitlenýän tarakanlar köp sanly mikroorganizmleri göterýärler. Ozal endotoksinleriň esasy çeşmesiniň mör-möjekleriň nejasaty bolandygy anyklanypdy.
Entomologiýa professory Kobi Şalyň sözlerine görä, bu maddalar bilen galtaşmak adam bedeni üçin uly howp döredýär – olar güýçli allergiki täsirleri döredýärler. Gözleg, tarakanlaryň bardygyny habar beren ýaşaýjylaryň binalarynda, esasanam ilatyň gowy gazanç edip bilmeýän şertlerinde endotoksinleriň konsentrasiýasynyň has ýokarydygyny tassyklady.
Iş Demirgazyk Karolina ştatynyň Roli şäherindäki köp gatly jaýlarda geçirildi. Alymlar howanyň we poldaky tozanyň nusgalaryny alyp, zäherleriň konsentrasiýasyny hasaba aldylar. Munda urkaçy tarakanlaryň erkek tarakanlara garanyňda iki esse köp endotoksin bölüp çykarýandygy, şeýle hem olaryň konsentrasiýasynyň ýatylýan otaglardaka garanyňda aşhanalarda has ýokarydygy anyklandy. Bu, mör-möjekleriň işjeň köpelmegine ýardam berýän iýmitiň bolmagy bilen baglanyşykly.
Indiki tejribeler, tarakan allergenleriniň we endotoksinleriň utgaşmasynyň synag haýwanlarynda demgysmanyň (astmanyň) ösmegine nähili täsir edýändigini öwrenmäge gönükdiriler.


şu gün 09:54
464

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......