Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergä gatnaşyjylary gutlady

  • 10.10.2025 12:22
  • 5.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady.

"Halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, raýatlarymyzyň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri-de öz içine alýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklary alnyp barylýar.

"Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, olary anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany milli bilim hem-de sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hem belläp geçdi.

"Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn-da, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giň gerim bilen gurmagy dowam etdirýäris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.
"Türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik maksatlaryny goldamaga amatly şertleri döredýär" diýlip, gutlagda bellenilýär.


15.06.2026 12:32
5.5k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......