Hytaýly alymlar rak keseline garşy derman serişdelerini öndürmegiň täze usulyny tapdylar

  • 12.11.2025 18:49
  • 9.4k+

Hytaýly himikler beýlekiler bilen bir hatarda onkologiýa kesellerini bejermek üçin gymmat derman serişdelerini öndürmegiň adaty tehnologiýasyny üýtgedip biljek täze usuly oýlap tapdy diýip, South China Morning Post (SCMP) habar berýär.

Ylmy gözleg Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Hançžou institutyndan Çžan Sýaheniň we Şanhaýyň organiki himiýa institutynyň professory Sýue Sýaosunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan geçirildi. Netijeler Nature žurnalynda neşir edildi.
Hytaýda Sýahen bilen Sýaosunyň işi Nobel baýragyna dalaş edip biler diýlip hasaplanýar diýip, SCMP belleýär. Pfizer kompaniýasynyň uly ylmy işgäri Skott Begli ony “uly üstünlik” diýip atlandyrdy.
Bellenilişi ýaly, ylmy gözlegçiler köp himiki maddalary döretmekde möhüm komponent bolan aromatik aminleri ulanmagyň has howpsuz we netijeli usulyny tapdy.
1884-nji ýyldan bäri aminleri bromidlere ýa-da hloridlere öwürmek üçin misiň goşulmagynda Zandmeýer reaksiýasy ulanylýardy. Ýöne bu prosesiň kem taraplary bar: aralyk diazoniýa birleşmeleri partlama howply bolup bilýär, mis duzlary bolsa köp mukdarda senagat galyndylaryny döredýär.
Alymlar diazoniýa birleşmelerini nitro-toparlar bilen çalyşmagy teklip etdi. Täze usulda metallar ulanylmaýar, bu hem prosesi howpsuz edýär, galyndylaryň möçberini we wagt hem serişde çykdajysyny azaldýar diýip, Chemical & Engineering News žurnaly belleýär.


düýn 19:55
3.4k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
4.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.7k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.6k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....