Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi

  • 04.11.2025 14:20
  • 3.7k+

Tehas ştatynyň (ABŞ) resmileri Johnson & Johnson (J&J) we onuň öňki bölümi Kenvue kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olaryň berýän aýyplamalaryna görä, kompaniýalar Tylenol (asetaminofen) dermanynyň çagalaryň arasynda autizmiň döremegine sebäp bolup biljek ähtimallygy barada maglumatlary gizläpdir.

Tehasyň baş prokurory Ken Pekstonyň arzasynda aýdylmagyna görä, kompaniýalar Tylenol derman serişdesini göwreli zenanlar üçin howpsuz hökmünde mahabat edipdirler. Emma garşy taraplaryň getiren ylmy görkezmelerine görä, göwreliligiň ir döwürlerinde asetaminofeni ulanmak çagada autizmiň ýüze çykma töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Bu ýagdaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýakynda aýdan sözleri bilen hem baglanyşyklydyr. Ol sentýabr aýynyň ahyrynda özüniň adminstrasiýasy autizmiň sebäbini tapandygyny we muny parasetamol (asetaminofen) bilen baglanyşdyrandygyny aýdypdy. Bu beýanatlar ylmy jemgyýetçilik tarapyndan berk tankytlandy — olaryň pikiriçe, bu netijeler ylmy taýdan tassyklanmandyr we ynanarly däl.
Kenvue kompaniýasy bu “esassyz aýyplamalardan” kazyýetde özüni gorajakdygyny we asetaminofeniň howpsuzlygy barada dünýä jemgyýetçiliginde kabul edilen ylmy pikiri goldaýandygyny mälim etdi. Johnson & Johnson-nyň wekili bolsa, kompaniýanyň saglygy goraýyş dermanlary işini birnäçe ýyl mundan ozal bes edendigini we Tylenol ýaly reseptsiz satylýan serişdeler bilen baglanyşykly ähli hukuklaryň hem borçnamalaryň Kenvue kompaniýasyna degişli diýlip belledi.
Tehas hökümeti Kenvue we J&J kompaniýalaryndan arzada görkezilen 11 bozulmanyň her biri üçin 10 müň dollar töläp bermeklerini, şeýle hem Tylenol gaplarynyň üstünde autizmiň ýüze çykma töwekgelçiligi barada duýduryş ýazgysynyň ýerleşdirilmegini talap edýärler.


24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.9k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...