Aziýanyň ösüş banky Aşgabatda lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer

  • 12.11.2025 17:37
  • 7.1k+

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Taslamanyň esasy, Aşgabat şepagat uýalary mekdebiniň täze, howa şertlerine durnukly binasynyň gurulmagydyr. Bu toplum döwrebap otaglar we barlaghanalar, şeýle hem ýaşaýyş jaýlary, eneler üçin dynç alyş otagy we hatda sagdyn iýmitlenmek ýörelgelerini öwretmek üçin bag bilen üpjün ediler.
Mundan başga-da, maliýeleşdirmäniň çäginde döwrebap okuw we lukmançylyk serişdeleri satyn alnar, şeýle hem okuw usullary we maksatnamalary halkara ölçeglere laýyklykda täzelener.
Taslama mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy we lukmançylyk pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmagy ösdürmäge gönükdirilendir diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......