Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi

  • 29.10.2025 10:48
  • 2.1k+

Russiýada ilkinji gezek duýgurlygy boýunça PZR bilen deňeşdirip bolýan B gepatitini anyklaýan çalt test resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada Rospotrebnadzor (RF) habar berdi.

Bu synag Rospotrebnadzoryň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan LAMP (Loop mediated isothermal amplification) tehnologiýasy esasynda işlendi. Täze usul wirusy bary-ýogy 25–30 minutda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa adaty anyklaýyş usullary bilen deňeşdirilende has çalt.
Test B gepatitini başlangyç tapgyrlarda takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa wagtynda bejergi geçirmäge we alnyp barylýan epidemiologik çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
B gepatiti bagry zeperleýän ýokanç kesel bolup, wagtynda bejerilmese sirroza ýa-da rak öýjükleriniň döremegine getirip biler. Kesel gan we beýleki beden suwuklyklary arkaly ýokuşýar, immuniteti gowşak adamlar we çagalar üçin has howpludyr.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......