Täze göz implanty görüş ukybyny ýitiren adamlara gaýtadan görmäge kömek etdi

  • 28.10.2025 10:35
  • 4k+

Alymlar kiçi bir göz implantyny ulanyp, ýaş makulýar degenerasiýasy (ÝMD) sebäpli görüş ukybyny ýitiren adamlaryň görşüni dikeltdiler. Enjamyň ölçegi 2×2 mm we galyňlygy 30 mikrometr bolup, operatiw ýol bilen gözüň torly perdesiniň astyna ýerleşdirilýär we ýitirilýän ýagtylyk duýgur öýjükleriniň ornuny tutýar.

Kliniki barlaga ÝMD-niň soňky tapgyrynda bolan 38 adam gatnaşdy.
Gury görnüşli ÝMD-de perdäniň merkezindäki ýagtylyk duýgur öýjükleri birnäçe ýylyň içinde ölýär. Netijede, adamlar periferik görşi saklaýarlar, ýöne merkezi görüş takyklygy ýok bolýar. Şeýle adamlar ýüzleri tanap bilmeýärler, okap bilmeýärler, maşyn sürüp bilmeýärler ýa-da telewizor tomaşa edip bilmeýärler.
Implantasiýadan bir ýyl soň, gatnaşyjylaryň 80%-inde görüş ukybynda ep-esli gowulaşma ýüze çykdy.
Käbir operatiw kynçylyklara garamazdan, bilermenler implantyň peýdasy howplardan ýokarydyr diýip kabul etdiler.
PRIMA — bu simsiz fotoelektrik mikroçip bolup, ýörite äýnek bilen işleýär. Äýnekde ýerleşýän kamera şekili infra‑gyzyl signallara öwürýär we implantyna geçirýär, perdäni kadalaşdyrýar. Sistemany doly ulanmak üçin birnäçe aý maşk gerek bolýar.
Barlygyň netijelerine görä, gatnaşyjylaryň köpüsi okap bilendigini we 32 gatnaşyjydan 22-si orta ýa ýokary kanagatlanma derejesini bellediler. Enjamyň çäklendirmeleri saklanyp galýar: şekil gara‑ak, okamak haýal bolýar we görüş takyklygy implantyň 381 «pikseli» bilen çäklenýär.
Alymlar PRIMA-nyň möhüm ädimdigini aýdýarlar we perdäniň degenerasiýasy we şuna meňzeş beýleki keselleri bolan has köp adama görmegi gaýdyp bermek üçin geljekde kämilleşdirilmegi meýilleşdirýärler.
Barlagyň netijeleri The New England Journal of Medicine žurnalynda neşir edildi.


düýn 12:08
4.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......