Rak keselini bejermegiň täze usuly ýarym sagatda rak öýjükleriniň 92%-ni ýok etdi

  • 29.10.2025 09:41
  • 7.7k+

Rak häzirki wagtda dünýäde ölüme sebäp bolýan keselleriň arasynda ikinji ýerde durýar. Şonuň üçin alymlar has netijeli we howpsuz bejergi usullaryny gözlemegini dowam etdirýärler.

Tehas uniwersitetiniň (Ostin) we Portu uniwersitetiniň alymlary täze tehnologiýany işläp düzdüler. Olar LED yşygy we galaýynyň örän inçe plastinkalaryny birleşdirip, SnOx nanoplastikleri diýlip atlandyrylýan bejergi usulyny döretdiler. Bu açyş ACS Nano žurnalynyň täze çykýan sanynda neşir edildi.

Näme üçin bu usul möhüm?
 Bejergi rak öýjüklerini saýlap ýok edýär, sagdyn öýjüklere zeper ýetirmeýär we himiýa bejergisindäki ýaly agyryly täsirler döretmeýär. 
Tejribelerde tehnologiýa deriniň rak öýjükleriniň 92%-inikolorektal rak öýjükleriniň 50%-ini ýarym sagadyň içinde ýok etmegi başardy.

Nädip işleýär?
Häzirki wagta çenli rak keselinde köplenç lazer energiýasy ulanylýardy, ýöne bu köplenç sagdyn dokumalara hem zeper ýetirýärdi. Täze usulda lazer çyrasy LED yşygy bilen çalşyldy — bu has arzan, elýeterli we howpsuz.

Näme päsgelçilik bar?
Häzirlikçe esasy kynçylyklar:

  • materiallaryň bahasynyň ýokary bolmagy,
  • ýöriteleşdirilen laboratoriýalaryň zerurlygy.

Indiki ädim näme?
Alymlar tehnologiýanyň ýagtylyk we ýylylyk bilen täsirleşmesini has jikme-jik öwrenjek, beýleki katalizatorlary synap görjek, geljekde klinikada ulanmak üçin ykjam enjam taýýarlamak isleýär.
Maksat — bu usuly hatda enjamy çäkli bolan sebitlerde hem ulanyp bolmagydyr.


düýn 12:08
4.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......