Adamlarda garaşlylygyň döremegine täsir edýän täze genler açyldy

  • 01.11.2025 10:22
  • 2.5k+

Halkara alymlar topary Indiana uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň alymlarynyň ýolbaşçylygynda alkogol, temmäki, opioidler we gadagan maddalara garaşlylygy döremek howpy bilen baglanyşykly DNK-nyň 220 bölümçesini anykladylar. Şolaryň 40-sy ylmy jemgyýetçiligine mundan öň belli bolmandy.

Bu iş Molecular Psychiatry žurnalynda çap edildi we garaşlylyk boýunça geçirilýän barlaglaryň taryhynda iň uly meta-analiz hökmünde görkezilýär.
Alymlar Ýewropanyň, Afrikanyň we Amerikanyň ilatyndan ýygnalan genetiki maglumatlary deňeşdirip, dürli endik görnüşleri üçin umumy bolan gen wariantlaryny gözlediler. Jemi 785 gen tapyldy — olar beýni duýgulary, ýatda saklamak we motiwasiýa üçin jogap berýän böleklerinde (mysal üçin, amigdala, gippokamp we beýni gabynda) işjeň bolýar.
Barlaglaryň netijeleri:

  • Garaşlylyk döremek ukybynyň takmynan ýarysy genetiki mirasa bagly.
  • Garaşlylygyň dürli görnüşlerinde umumy bolan genler howpuň genetiki üýtgeşmeleriniň 96%-ini düşündirýär.
  • Poligen görkezijisi iň ýokary bolan adamlarda garaşlylyk döremek ähtimallygy üç esse ýokary.

Mundan başga-da, alymlar bu genlere täsir edýän bar bolan 7 derman tapdylar — olary geljekde garaşlylygy bejermekde ulanmak mümkin.
Barlagyň netijeleri endikleriň irki ýüze çykarylmagyna we kesgitli bejergi usullarynyň taýýarlanylmagyna ýol açýar.


düýn 10:01
2.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......