10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi.
Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.
Döwrebap saglyk merkezi 9 gektara golaý çäkde ýerleşip, onuň gurluşygy “Hil Merkez” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Toplum ululy-kiçili desgalaryň 17-sini özünde jemläp, onda kabul ediş, maslahat beriş-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, bakteriologiýa, barlaghana, I-öýken, II-öýken, III-öýken, hirurgiýa, süňk-bogun, çagalar, anesteziologiýa we reanimasiýa, şypahana, dispanser, dolandyryş we hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölümleri hereket edýär. Bu bölümleriň otaglary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Hytaýyň, Polşanyň, Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň saglygy goraýyş enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olar ýokanç keselleri has irki döwürde takyk anyklamaga, degişli öňüni alyş-bejeriş çäreleriniň meýilnamasyny netijeli işläp düzmäge, näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge döwrebap mümkinçilikleri üpjün edýär.
Dabaranyň dowamynda Mary welaýat inçekesel hassahanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Bu awtoulaglar näsaglara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini hödürlemekde, anyklaýyş işini göçme usulda alyp barmakda amatly şertleri döredýär.