Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

  • 10.10.2025 11:08
  • 5.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady.

"Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Soňky döwürde gurlup ulanmaga berlen, kämil enjamlar bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, hassahanalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, köpugurly hassahana, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary, oba-şäherlerimizde başga-da köp sanly döwrebap lukmançylyk edaralary halkymyza netijeli hyzmat edýär.
Döwlet Baştutany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýüniň, Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň täze, döwrebap binalarynyň dabaraly açylyp ulanmaga beriljkdigini aýtdy.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklary güýçli depginde dowam edýär. Şeýle hem Aşgabat şäherinde 500 orunlyk, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutular.

"Häzirki döwürde ýurdumyzda has kämil bejeriş usullary ornaşdyrylyp, ilatymyza dünýä lukmançylygynyň ähli hyzmatlary diýen ýaly hödürlenilýär. Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, özümizde dürli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümleriň geljekde dünýä bazarlarynda hem uly orny eýelejekdigine ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany türkmen lukmanlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, tejribe geçmek üçin Ýewropanyň we beýleki öňdebaryjy döwletleriň saglygy goraýyş merkezlerine yzygiderli iberilýändigini belledi.

"Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Häzire çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesinde çylşyrymly operasiýalar, beýleki bejeriş-anyklaýyş işleri geçirildi" diýip, döwlet Baştutany belledi.


09.06.2026 23:14
6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....