Nar we hoz goşundysy immun öýjükleriniñ 28 günde «ýaşarmagyna'" ýardam edýär - barlaglar

  • 16.11.2025 16:00
  • 8k+

Halkara alymlar topary Urolithin A metabolitiniň bary-ýogy 28 günde immun ulgamynyň öýjükleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Nature Aging žurnalynda çap edilen barlaga görä, günüň dowamynda 1 000 mg bu maddany kabul etmeklik CD8+ T-öýjükleriniň profilini has «ýaş» görnüşe getirýär we öýjükleriň «energiýa stansiýalary» bolan mitohondriýalaryň işini güýçlendirýär.

Urolithin A içegede nar we grek hozunda saklanýan ellag turşusynyň özleşdirilmeginden soň emele gelýär. Emma tebigy ýagdaýda emele gelýän mukdar anyk täsir döretmek üçin ýeterlik däl.
Barlaga 45–70 ýaş aralygyndaky 50 sagdyn meýletinçi gatnaşdy. Olar tötänleýin ýagdaýda iki topara bölündi: birine plasebo, beýlekisine bolsa işjeň goşundy berildi.
Dört hepdeden soň Urolithin A kabul eden gatnaşyjylarda «naiw» CD8+ T-öýjükleriniň paýy artdy we öýjükleriň ýadawlyk alamatlary azaldy. Mundan başga-da, öýjükler ýag turşulyklaryny energiýa çeşmesi hökmünde has gowy ulanyp başlady, şeýle hem mitohondriýalaryň täzelenişini dolandyrýan esasy faktor PGC-1-iň işjeňligi ýokarlandy.
Alymlar şeýle tiz wagtda ýüze çykýan ownuk üýtgeşmeleriň hem immun ulgamynyň ýaş bilen bagly peselmegini haýallatmak babatda madda üçin uly potensialynyň bardygyny belleýär.
Mundan öň hem Urolithin A mitofagiýany (mitohondriýa arassalanmasy) güýçlendirmekde we beden ýagdaýyny gowulandyrmakda öz täsirini görkezýärdi. Täze netijeler immuniteti mitohondrial metabolizmiň ösüşi arkaly goldap bolýandygyny tassyklaýar, emma uzak möhletli täsirini bahalandyrmak üçin has köp we ýygy-ýygydan geçirilýän giň göwrümli gözlegler zerur bolar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......