Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler

  • 10.11.2025 11:14
  • 7.5k+

Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sun Ýatsen uniwersitetiniň oftalmologlary (göz lukmanlary) dünýäde ilkinji gezek 4200 kilometre golaý aradaşlykdan robot we 5G aragatnaşyk ulgamy arkaly subretinal sanjym operasiýasyny geçirdiler.

Lukmanlar Urumçyda ýerleşýän näsagyň gözüne bejergi bermek üçin hirurgiki roboty uzak aralykdan dolandyrdylar.
Uniwersitetiň habar bermegine görä, bu operasiýa ýokary takyklykda, aralykdan amala aşyrylýan oftalmologik hirurgiýa tehnologiýasynyň amaly taýdan ulanylyşynda möhüm ädim boldy. Lukmanlaryň gözegçiligi astynda robot mikroiňňe arkaly dermany gözüň degişli gatlagyna takyk ýetirmegi başardy.
Operasiýa 7 minutdan hem az wagt aldy.
“Žunşan” oftalmologiýa merkeziniň wekili Lin Haotýan robotyň we 5G ulgamynyň peýdalanylmagynyň uzak aralyklarda ýokary tehnologik lukmançylyk kömegini bermek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp geçdi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......