Aşgabatda Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi

  • 16.11.2025 12:39
  • 3.8k+

15-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi. Soňky dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýän bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraldy.

Festiwal Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, amatly gurşawyň döredilmeginiň mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün edýändigini görkezmegi maksat edinýär.
Seýilgähiň çägi sport we güýmenje, maglumat we bilim, aýdym-saz we döredijilik ýaly birnäçe tematiki meýdançalara bölünip, diwarlyklardaky mümkinçiligi çäkli bolan adamlar tarapyndan döredilen çeper suratlar, ýumşak oýnawaçlar, senetçilik önümleri çäre gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Tennis, aň-paýhas oýny hasaplanýan küşt boýunça geçirilen bäsleşikler örän gyzykly boldy. Mundan başga-da çärä gatnaşanlar özleriniň aýdym we tans boýunça çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Festiwalyň çäginde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň daşky gurşawy goramaga, oňa aýawly çemeleşmäge gönükdirilen diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan zehini kämilleşdirmäge, tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge gönükdirilen oýunlar festiwalyň gyzykly pursatlaryny döretdi. Tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmek maksady bilen, oýunlar üçin ähli esbaplar gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanyldy.
Festiwala işjeň gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......